dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
«Deňiz söwda floty» ÝGPJ tarapyndan ähli gyzyklanýan taraplara daşary ýurt gämileri bunkerleme hyzmatyny hödürleýär

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ Türkmenbaşy Halkara Deňiz portuna girýän daşary ýurt gämilerini dizel ýangyjy bilen bunkerleme hyzmatyny amala aşyrýar-diýip «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berdi.

Gämi ýangyjy bilen bunkerlemek hyzmatyny Türkmenbaşy Halkara Deňiz portunyň gämi duralgalarynda «Serpaý» tirkeg gämisi ýerine ýetirýär. Bu bolsa bunkerlemeden soň bellenen ugra tarap hereketi dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ goşmaça maglumat almak isleýänlere: 8 (243) 5-02-61 we elektron poçta salgysy: info@mmf.com.tm arkaly alyp biljekdiklerini ýatladýar.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Mar 26 2026
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Halkara olimpiada Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Malaýziýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Ugandanyň we Pakistanyň jemi 63 sany ýokary okuw mekdebinden 877 talyp gatnaşdy. Ders bäsleşiginiň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynda geçirilen açylyş dabarasy köp adamly boldy. Olimpiada bir tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, oňa gatnaşyjylara derse degişli 6 mesele hödürlendi, olary çözmek üçin jemi 120 minut wagt berildi. Eminler gazanylan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijilerini kesgitlediler. Şeýlelikde, halkara olimpiadada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 106 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Daşary ýurtlularyň arasynda Hytaý Halk Respublikasynyň talyplary öňe saýlandylar. Bäsleşige Hytaýdan 432 talyp gatnaşyp, olar 101 baýrakly orna eýe boldular. Ders bäsleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary aýratyn tapawutlandylar.