dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Gämi abatlaýyş zawodynda

Hazar deňziniň Türkmenistana degişli bolan gündogar kenarynda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň golaýynda ýerleşen “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň AGPJ-de soňky ýyllarda has-da netijeli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda zawodda ençeme ýük we ýolagçy gämileri abatlanyp, ulanyşa goýberilýär. Zawodyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi sebäpli bu ýerde işler has-da ilerledi. Mysal üçin, 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda düýpli abatlaýşa gelen “CASPIAN MAINPORT LIMITED” kompaniýasyna degişli bolan “CM RUBY” tirkeg hyzmat ediş gämisi 2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, 2021-nji ýylyň 15-nji fewralynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyndan düşürildi we zawodyň gämi duralgasynda abatlaýyş işleri dowam edýär. “Dragon oil” kompaniýasyna degişli bolan “Atlet-1” kran gämisi 2021-nji ýylyň fewralynda düýpli abatlaýyşa gelip, fewral aýynyň 10-na zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyryldy we abatlaýyş işleri dowam edýär. Şeýle hem “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-ne degişli bolan “Türkmenistan” gury ýük gatnadýan gämisi zawodyň çägine 2021-nji ýylyň 5-nji fewralynda duýpli abatlaýyşa gelip, gämi galdyryjy desgasyna galdyryldy we abatlaýyş işleri dowam edýär. Bulardan başga-da, häzirki wagtda bu ýerde “Berkarar” gury ýük gatnadyjy gämisiniň abatlaýyş işleri başlanyldy we onuň abatlama işlerini 2021-nji ýylyň noýabr aýynda tamamlanylmak meýilleşdirilýär.

    Soňky ýyllarda deňiz we derýa ýollarynyň hyzmatlarynyň artmagy sebäpli, bu ýerde işine ussat hünärmenleri taýýarlamak meselesi hem ör boýuna galýar. Şu zerurlyklar göz öňünde tutulyp, zawodyň işgärleriniň iş hünärlerini ýokarlandyrmak maksady bilen 2021-nji ýylyň maý aýynda daşary ýurt kompaniýalaryň hünärmenleri bilen bilelikde okuw sapaklaryny geçirmeklik meýilleşdirilýär. 2023-nji ýylyň meýilnamasynda “Возрождение” atly daşary ýurt hususy kärhanasy bilen bilelikde täze gämileri gurmak we abatlamak işlerini amala aşyrmagy ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
    Ýurdumyzyň deňiz we derýa ýollarynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy we gämi gurluşygynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Satlykowa Mahri

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Sen 20 2025
Ajaýyp mümkinçilik

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-inde we 19-ynda  geçirildi. Bu iri çäre ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 800-den gowrak daşary ýurtly we ýerli wekilleri jemledi. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylary gutlady. Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip döwlet Baştutany öz gutlagynda belledi. Forum «Strategik netijeliligi üpjün edýän faktor hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen başlady. Mejlisde moderator hökmünde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyş etdi.Esasy çykyşlar bilen dünýäniň görnükli bilermenleri çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Bütindünýä bankynyň ýerine ýetiriji direktory Beatris Lus Maser Mallor we onlaýn görnüşde gatnaşan BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima çykyş etdiler. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima Awazadaky Maýa goýum forumynyň gatnaşyjylarynyň öňünde wideoýüzlenme bilen  çykyş edip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň  bähbitlerini öňe sürmekde Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuna ýokary baha berdi we maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen BMG-niň täze başlangyçlaryny hödürledi. Geçen ýylky TIF 2024 forumyna 44 ýurtdan 1,1 müňden gowrak wekil gatnaşdy. Onuň netijesinde 18 ylalaşyga we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Jemi bahasy 167 million dollara barabar şertnamalaryň baglaşyldy. Forum gatnaşyjylara soňky ykdysady özgertmeler we başlangyçlar bilen tanyşmak, Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy kärhanalar bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak, anyk maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugruny kesgitlemek üçin giň mümkinçilik döretdi. Forumyň maksatnamasynda strategiki panel çekişmeleri, maýa goýum taslamalaryň tanyşdyrylyşlary, B2B we B2G duşuşyklary, master-klaslar hem-de medeni çäreler göz öňünde tutulypdyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2025) çäginde ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda strategik ylalaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň ykdysady bähbitleriniň giňdigini we halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny görkezdi.