dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligiň hünärmenleri Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas» klassifikasion jemgyýetiniň şahadatnamasyny aldylar.

2024-nji ýylyň 28-nji ýanwary 3-nji fewraly aralygynda Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýanyň hünärmenleri Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas»  klassifikasion jemgyýeti (BV klassifikasion jemgyýeti) tarapyndan guralan «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça okuwa gatnaşdylar. Bu okuw 2020-nji ýylyň 5-nji dekabrynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen BV klassifikasion jemgyýetiniň arasynda baglaşylan «Türkmenistanda bellige alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak boýunça hyzmatlara ygtyýar bermek hakynda Ylalaşygyň» çäklerinde geçirildi.

Okuwyň dowamynda BV klassifikasion jemgyýetiniň bilermenleri tarapyndan halkara standartlaryna laýyklykda gämileriň howpsuz ýüzüşini üpjün etmegi we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almagy üpjün etmegiň esasy talaplary boýunça sapaklar berildi. Hususan-da, Klassifikasion Jemgyýetleriň Halkara Assosiýasy (IACS) barada düşünje berlip, klassifikasion jemgyýetleriň alyp barýan işleri, konsepsiýasy hem-de olaryň ähmiýeti barada öwrenildi. Şeýle-de, döwlet port gözegçiligi barada hem durlup geçilip, onuň esasy wezipeleri we gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada giňişleýin diňlenildi. Mundan başga-da, okuw maslahatynyň dowamynda Deňizde adamyň janyny goramak barada (SOLAS-74) konwensiýanyň bölümleri boýunça BV klassifikasion jemgyýetiniň öňdebaryjy tejribesi öwrenildi.

Halkara deňiz guramasynyň (SOLAS-74) konwensiýanyň degişli bölümleri we ondan gelip çykýan Kodeksler (LSA, ISM, ISPS we ş.m) barada, ýagny, gämilerdäki kollektiw we indiwidual halas ediş serişdeler, dürli görnüşli ýangyn söndürjiler, ýangyna garşy ulgamlar, gämide deňiz gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün edýän radionawigasion enjamlar, ýükleriň hususan-da howply ýükleriň daşamaklygyň aýratynlyklary barada, şeýle hem, Ýük markasy hakynda halkara konwensiýasy (LOAD Lines-66), Gämilerden hapalanmagyň öňüni almak barada konwensiýasy (MARPOL-73/78) barada leksiýalar diňlenildi.

Geçirilen okuwyň netijesinde hünärmenlere «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça şahadatnamalar gowşuryldy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.