dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
AÝDYŇ MAKSATLY ÝAŞLAR

Ýurdumyzda jem­gy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji we röw­şen gel­je­giň eýe­le­ri bo­lan ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­my­zyň il­kin­ji gün­le­rin­de «Türk­me­nistan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň» we ony ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça de­giş­li Me­ýil­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi hem aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­ýär. Bu res­mi­na­ma­lar ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­ler ha­kyn­da­ky ala­da­nyň döw­le­tiň üns mer­ke­zin­de dur­ýandy­gy­ny, onuň bar­ha ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny we pug­ta­lan­ýan­dygy­ny äş­gär ed­ýär. Merkezi bankyň başlygynyň hasabatynda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli sazlaşykly ösüşini saklamak, ony sanlylaşdyrmak, pul toplumyny kadalaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirildi. Bank ulgamynyň işine düýpli nägilelik bildirip, hormatly Prezidentimiz maýa goýum işjeňligini goldamak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Döwlet ösüş bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlyklary degişli yzygiderlilikde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şu ýyl üçin bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdiler. Hasabatlary diňläp, milli Liderimiz soňky ýyllarda bankyň işini talabalaýyk ýola goýmak meseleleriniň ünsden düşürilendigini aýtdy, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Iş maslahatynyň dowamynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorlary ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyz bu ýokary okuw mekdepleriniň halk hojalygy toplumynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleri netijeli çözmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamagy esasy ugur edinýändigini belledi, rektorlara degişli tabşyryklary berdi. Ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Döwlet býujetiniň we maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýum serişdelerini özleşdirmek işleriniň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, hormatly Prezidentimiz ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara alyp, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny belledi. Ykdysadyýet we bank ulgamynyň işine bagyşlanan maslahaty jemlemek bilen, milli Liderimiz toplumyň işini gowulandyrmak üçin, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hemmeleriň has tijenip işlemelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde toplumda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanyp, işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramaly. Ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaly, dünýä derejeli iň kämil usullary ulanmaly. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Mälim bolşy ýaly, kabul edilen täze resminamalar berkarar türkmen jemgyýetiniň bagtyýar nesillerini ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň esasynda milli ruhda terbiýelemegi dowam etdirmäge ýardam berer. Ol ylymlybilimli we giň dünýägaraýyşly, zähmete ukyply, sagdyn bedenli, belent ruhly ýaşlary ösdürip ýetişdirmegiň hukuk üpjünçiligini kepillendirmek bilen bir hatarda, türkmen ýaşlarynyň geljekki ykbaly üçin ýokary ähmiýete eýedir. Maksatnama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» we «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Munuň özi resminamanyň hukuk binýadynyň pugtadygyny we ony ýerine ýetirmekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelerde anyk esaslaryň goýlandygyny görkezýär. Bu Maksatnama ýaşlaryň halkara gatnaşyklaryndaky ornuny has-da berkitmäge ýardam berýär. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň ähli babatda sowatlylygyny gazanmaga, ylmy döredijiligini ýokarlandyrmaga we oňyn syýasy garaýyşlaryny çuňlaşdyrmaga täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, onuň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine itergi bermekde we Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijilerine ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Maksatnamada ýaşlary ýokary amatlykly durmuş şertleri bilen üpjün etmäge, zähmete çekmäge we ählitaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde ýetişdirmäge gönükdirilen möhüm wezipeler kesgitlenilýär. Olary durmuşa geçirmek boýunça kabul edilen degişli meýilnama laýyklykda alnyp barylýan işler bolsa ýurdumyzyň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklarynda amala aşyrylýar. Munuň özi: «Siz öz üstüňize ýüklenen wezipeleri ak ýürekden berjaý etmek bilen, Berkarar Watanymyzyň günsaýyn ösüşine öz mynasyp goşandyňyzy goşýandygyňyzy unutmaň!» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlary barada bimöçber tagallalary edýändigini we beýik başlangyçlary öňe sürýändigini doly subut edýär. Meýlis ORAZOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Okt 26 2026
Türkmenistanyň köpugurly ykdysadyýeti we onuň ýurdumyzyň ilatynyň durmuş goragynyň ösüşinde tutýan orny.

Garaşsyz ösüşiň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Infrastruktura özgertmelerini goldamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ugur alynmagy, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, maýa goýumlary oýlanyşykly peýdalanmak, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklaryna goldaw bermek üçin möhüm itergi boldy. Geçilen ýola ser salyp aýdanymyzda, garaşsyz ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň agrar döwletden senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Has takygy, başlangyç tapgyrda ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýy 40 göterimden gowrak, senagatyň paýy 17 göterim, olaryň hem 80 göterimden gowragy gazyp alýan pudaklara degişli bolan bolsa, häzirki wagtda jemi içerki önümde senagatyň paýy 27 göterimden gowrak, oba hojalygynyň paýy bolsa 11-12 göterime ýetýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginiň gurluşy düýpli özgerdi. Pudakda pagta ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýetini saklamak bilen, oba hojalygynda galla senagaty täzeden dikeldilip, maldarçylygy ösdürmek üçin binýat döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdi.

Card image cap
Okt 23 2026
Türkmenistanyň logistika ulgamy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň we Eýranyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň araçäklerinde ýerleşýär. Şeýle ýerleşiş ýurdy Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän tranzit ýoluň tebigy bölegine öwürýär. Soňky ýyllarda ýurtda awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ulaglaryny bir ulgama birleşdirýän köpugurly (multimodal) logistika ulgamy bina edilýär. Ulgamyň esasy merkezi Türkmenbaşy halkara deňiz porty. Ol 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri işleýär we sebitdäki ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen. Täze port ýük geçirijilik kuwwatyny ýylda 25–26 million tonna çenli, ýagny üç esseden gowrak artdyrdy. Port Türkmenistanyň kenarýaka ýerlerindäki iň uly ýük we ýolagçy daşaýyş merkezi hasaplanylýar. 2026-njy ýylyň mart aýynda Europa Bileleşiginiň wekiliýeti portda bolup, Hazaryň üsti bilen geçýän Trans-Hazar ulag ýolunyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Port Hazar–Gara deňiz ugurly halkara tranzit ýolunyň möhüm bölegi. Türkmenbaşy, Baku (Alaty), Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük akymyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bulardan başga, Lapis-Lazuli ýoly hem Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugruny düzýär. Demir ýol ulgamynda Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoly aýratyn orun tutýar; ol 2014-nji ýylda açylyp, Merkezi Aziýany Parsy aýlagy bilen birleşdirdi. Awtomobil ulgamynda bolsa, Gazagystan, Eýran we Owganystan bilen baglanyşdyrýan awtoulag ýollary bar, Özbegistana we Gazagystana tarap täze ýokary tizlikli ýollar gurulýar. Howa ulaglary babatda Aşgabadyň halkara howa menzili we welaýatlardaky täze howa menzilleri döwrebap halkara ülňülere laýyk gelýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialog sammitinde çykyş edip, ýurdy Ýewraziýanyň möhüm logistika merkezine öwürmek strategiýasyny beýan etdi. Ol täze ýollaryň bar bolan ýollary çalyşmaly däl-de, olary doldurmalydygyny nygtady.

Card image cap
Okt 21 2026
Adamyň saglygyna ekosistemanyň durnuklylygynyň täsiri

Ekosistemanyň durnuklylygy — bu tebigatyň öz deňagramlylygyny, köpdürlüligini we arassalygyny saklamak ukyplylygydyr. Adam saglygy gös-göni daşky gurşawyň ýagdaýyna baglydyr. Ekosistema durnukly bolanda, ol adama ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli binýatlaýyn seretleri üpjün edýär. Tebigat bilen adamyň arasyndaky özara baglanyşyk berk bolup, ekosistemanyň durnuklylygy adamyň fiziki we ruhy saglygynyň kepilidir. Arassa howa we suw: Tokaýlar we ösümlikler howany arassalaýar, kömürturşy gazyny sorup, kislorod bölüp çykarýar. Tebigy suw çeşmeleri we toprak bolsa suwy süzgeçden geçirip, ony içmek üçin ýaramly edýär. Azyk howpsuzlygy we topragyň öndürijiligi: Durnukly toprak ekosistemasy we bio-köpdürlilik (ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleri tozanlandyrýan mör-mejejekler) obahojalyk önümleriniň bol we hilli bolmagyny üpjün edýär. Keselleriň öňüni almak: Tebigy deňagramlylyk saklananda, infeksiýa göteriji mör-mejejekleriň ýa-da haýwanlaryň çäkden aşyry köpelmegi çäklendirilýär. Bio-köpdürliligiň peselmegi täze viruslaryň we keselleriň adama geçmek töwekgelçiligini artdyrýar. Psihologik we ruhy saglyk: Tebigy gurşaw, ýaşyl zolaklar we arassa tebigat adamyň stresi azaltmagyna, gan basyşyny kadalaşdyrmagyna we nerw ulgamyny dynç aldyrmagyna uly kömek edýär. Dermanlyk derman serişdeleri: Häzirki zaman lukmançylygynda ulanylýan dermanlaryň 50%-den gowragy tebigy ösümliklerden we bio-serişdelerden alynmak bilen şertlendirilendir. Bio-köpdürlilik näçe baý bolsa, täze dermanlary tapmak mümkinçiligi hem şonça ýokarydyr. Zoonoz infeksiýalaryň öňüni almak: Tebigy yaşam alanlaryň goralmagy haýwanlaryň we adamlaryň arasyndaky tebigy serhetleri saklaýar. Bu bolsa viruslaryň adamlara geçmeginiň (zoonoz keselleriň) öňüni alýar.Klimatyň kadalaşdyrylyşy: Tokaýlar we ummanlar planeta derejesinde temperaturany kadalaşdyrýar. Durnukly klimat adamlary aşa yssydan, guraklykdan we tebigy heläkçiliklerden goraýar. Adam saglygyny goraýyş diňe bir lukmançylyga daýanman, eýsem tebigy ekosistemany goraamak we onuň durnuklylygyny saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Durnukly tebigat — durnukly, sagdyn we bagtyýar jemgyýetiň düýp binýatydyr. Ekosistemany arassa saklamak geljekki nesilleriň saglygyny üpjün etmekde iň uly ädimdir.