dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň, TDP-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň gatnaşmagynda Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynyň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Ýaş türkmenistanlylary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi diýip giňişleýin belläp geçildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 26 2026
Türkmenistanda «EA çözgütleri» atly talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «EA çözgütleri» atly milli talyp hakaton bäsleşiginiň netijelerini jemläp, ýeňijileri yglan etdi. Bäsleşik 21-nji fewralda institutyň garamagyndaky «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi. Oňa ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 16 talyp topary gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. I orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. II orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary eýe boldular. III orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 6 topar höweslendiriş baýraklaryna mynasyp boldy. Hakatona gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly IT önümlerini işläp taýýarlamakda bäsleşdiler. Esasy ugur ulanyjynyň derejesine görä soraglary emele getirip bilýän we jogaplara esaslanyp netijeleri seljerýän test ulgamlaryny döretmekdi. Ýeňijileriň innowasion çözgütleriniň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ugurda çagyrylan hünärmenlerden düzülen eminler topary tarapyndan seljerildi.