dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Ýakyn günlerde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň “Ýolagçy terminaly” binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi bilen Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Döwrümiziň ösüşleriniň beýany» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Iýl 07 2025
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämileri we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.   Gämiler “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama, deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.   Mundan başga-da, “Balkan” zawodynda gämileriň gurulmagy täze iş orunlarynyň açylmagyna, şeýle hem, türkmen inženerleriniň we işçileriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna we pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin şertleri döreder. Bu bäsleşik barada giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen salgylardan alyp bilersiňiz: