dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenbaşy şäherindäki Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Salkyn Kenar” seýilgähinde Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi we “Dana” bilim merkezi bilen bilelikde “Sagdyn-Bedende Sagdyn ruh 2023” atly sportyň stol tennisi hem-de küşt görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Sportyň bu görnüşleri boýunça bäsleşik talyplaryň we okuwçylaryň gatnaşmagynda çekeleşikli geçdi we gatnaşyjylarda örän täsirli duýgulary galdyrdy. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda talyplaryň,sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary geçirildi.