dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Belgiýa Patyşalygynyň "Camco Technologies NV" kompaniýasynyň wekili bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Belgiýa Patyşalygynyň "Camco Technologies NV" kompaniýasynyň wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda "Camco Technologies NV" kompaniýasynyň deňiz we gury port terminallarynda gözegçiligi güýçlendirmek, terminallaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ornaşdyrylmaga niýetlenilen enjamlary we bu babatda sanly çözgütleri prezentasiýa arkaly tanyşdyryldy.

Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda taraplaryň arasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen "Camco Technologies NV" kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligi babatynda pikir alyşyldy.