dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Welosiped sporty ekologiýa taýdan arassa we gyzykly bolmak bilen, tutuş dünýäde, aýratyn hem, köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine saldamly goşant goşmak bilen ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolýar. Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirildi. Şeýle hem welosipedli ýörişiň geçjek ýolunyň ugry boýunça sungat ussatlarynyň, aý-dym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary gurnaldy.