dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Ýurdumyzda saýlawlar döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesi bolup durýar. Şonuň bilen birlikde hem saýlaw hukugy raýatlaryň saýlamak we saýlanmak bilen bagly esasy syýasy hukuklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, saýlawlar we sala salşyklar hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek işleriniň çäklerinde, halkara we milli tejribelerden ugur alnyp saýlawlar guramaçylykly geçirilýär. Ýaňy ýakynda hem deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde ýerleşýän 18-nji saýlaw uçastogynda 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň we etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Ol saýlawlara 1702 adam gatnaşdy we özleriniň saýlan dalaşgärlerlerine ses berdiler.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar