dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Deňizçilik orta hünär okuw medebi bilen mekdebiň Zenanlar guramasy, mekdebiň ilkinji Ýaşlar guramasy we mekdebiň Kärdeşler Arkalaşygynyň bilelikde gurnamaklarynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Halkara zenanlar güni mynasybetli mekdebiň talyp gelin-gyzlarynyň arasynda yglan edilen “El hünäriň ýörelge, ulus-ile görelde” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde talyp gelin-gyzlar türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan mähriban ene-mamalarymyzyň zähmeti we zehini bilen dörän türkmen milli halyçylyk sungatyny we nepis keşdelerini ýerine ýetirdiler. Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylar türkmen milli tagamy el unaşy kesmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Iýl 07 2025
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämileri we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.   Gämiler “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama, deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.   Mundan başga-da, “Balkan” zawodynda gämileriň gurulmagy täze iş orunlarynyň açylmagyna, şeýle hem, türkmen inženerleriniň we işçileriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna we pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin şertleri döreder. Bu bäsleşik barada giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen salgylardan alyp bilersiňiz: