Sen 17 2025
Balkan welaýatynda öndürilýän oba hojalyk önümleri 14 milliard manatdan geçdi
Balkan welaýatynda öndürilýän ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň möçberleri, olaryň senagat taýdan gaýtadan işlenilip, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirilişi hem ýylsaýyn artýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Şu ýylyň geçen döwründe welaýat boýunça 14 milliard 12 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Habarda bellenilişi ýaly, bu babatdaky ösüş 104,2 göterime deň boldy. Munuň agramly bölegi-de oba hojalyk pudagyna degişlidir. Welaýatyň ýaşaýjylary et, süýt, ýumurtga, gök önümler, miwelerdir ir-iýmişler bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Ýeralmanyň, pomidoryň, hyýaryň, soganyň, bakja ekinleriniň bol hasyly ýygnalyp, halka ýetirilýär. Şu günler bolsa Garagum derýasynyň ýakasyndaky ekin meýdanlarynda geljek ýylyň bol hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine, şonuň bilen birlikde-de, şu ýyl ösdürilip ýetişdirilen gowaçadan pagta hasylyny ýygnamak işlerine üstünlikli girişildi.