Ženewada Türkmenistanyň SPEKA başlyklyk etmegine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda ýurduň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnama (SPEKA) başlyklyk etmegine bagyşlanan gibrid görnüşindäki duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşyga BMG-niň SPEKA maksatnamasyny utgaşdyrýan sebit komissiýalarynyň — BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem SPEKA agza ýurtlaryň Ženewadaky akkreditirlenen hemişelik wekilleri, milli utgaşdyryjy edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda türkmen tarapy başlyklyk etmegiň maksatnamasy we şu ýyl meýilleşdirilýän ähli çäreler barada jikme-jik maglumat berdi.
Mundan başga-da, taraplar ýakyn geljek üçin bilelikdäki işler, hususan-da, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşdylar.
Ýeri gelende bellesek, SPEKA BMG tarapyndan 1998-nji ýylda döredildi. Bu maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmegine itergi berýän ykdysady platforma bolup hyzmat edýär. Maksatnama agza ýurtlaryň hataryna Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Owganystan girýär.