dohom@sanly.tm
Адрес Ул. Д. Азады 75, Туркменбаши
DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebine şahyr Mämmetgurban Geldigurbanow myhmançylyga çagyrylyp, döredijilik bilen meşgullanýan höwesli talyplar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

         Şahyr M.Geldigurbanow öz döredijilik ýolunda söhbet açyp, neşir edilen “Mukamly öwrümler”, “Ýürekde beslänim Watan”, “Pederleriň söhbeti” atly kitaplary bilen tanyşdyrdy. Ol öz çykyşynda, aýratyn hem türkmen halkynyň meşhur şahsyýetleri Garajaoglan, Görogly ýaly şahsyýetler, olaryň ýaşan ýerleri, durmuşy barada söhbet açdy. Şeýle hem Etrek etrabynda ýaşap geçen belli adamlar, bagşylar, sazandalar hakynda gürrüň berdi. Ýaşlara bagyşlanan öwüt-nesihat äheňli “Ýigide”, “Gyza” diýen şygyrlary talyplarda aýratyn täsir galdyrdy.

          Bu okuw mekdebinde döredijilik bilen meşgullanýan höwesli talyplar Gurban Ödeniýazow, Sähragül Keljäýewa, Aýnabat Potjanowa, Ogulşat Babaýewa, Nurjahan Kömekowa öz gezeklerinde Watanymyzy wasp edýän goşgylaryny, söýgi temasynda döreden şygyrlaryny okap berdiler.

Ýalkym Meretgylyjowa.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Другие статьи

Все статьи