“Türkmendeňizderýaýollary” agency at the Marine Secondary Professional school here was a competition called "Fathers' Principles - An Example for Generations".
Today “Türkmendeňizderýaýollary”agency at the Marine Secondary Professional schoolhere was a competition called "Fathers' Principles - An Example for Generations".
Bäsleşik Gämi energetik gurluşlaryny ulanmak hünäriniň 1-nji ýyl talyplary we “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hünäriniň 1-nji ýyllyk talyplarynyň arasynda geçirildi. Bäsleşigiň şerti boýunça Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren “Paýhas çeşmesi”- atly kitabyndan, ata-babalarymyzyň bize miras goýan dürdäne setirleriniň manysyny giňişleýin açyp görkezmelidi. Bäsleşik talyplarda aýratyn täsir galdyrdy.Talyplar nakyllaryň manysyny açyp beýan edenlerinde , watançylyk ruhunda terbiýelenmek, edep-terbiýe, halkymyzyň mukaddeslikleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.Bäsleşigiň netijeleri boýunça köp utuk gazanyp “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hünäriniň 1-nji ýyllyk talyplary 1-nji orna mynasyp boldular.
“Türkmenistan- ýaşlara aýratyn uly üns berilýän ýurtdur”- diýýän Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny dowamly kämilleşdirmek ugrunda uly işleri amala aşyrýar. Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesili ösüşlere tarap alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag başy dik, il- ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!