dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutanyň badalga bermegi bilen Aşgabadyň Welosiped binasyndan ugur alan ýöriş paýtagtyň gözel künjeklerini öz içine aldy. Welospedli ýörişiň dowamynda bellenilen ýerlerde aýdym-sazly çäreleriň, sport görkezme çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy bu halkara baýramyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe-sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi. 

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 07 2026
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny adamzadyň belent ynsanperwer däplerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda Bütindünýä saglyk gününiň jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde milli senenamada aýratyn orun tutýandygyny, onuň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny dünýä ýaýýandygyny belleýär. «Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi, dowamly hem-de strategik döwlet syýasaty esasynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamanyň, şeýle hem «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy tutuş halkymyzy çäksiz buýsandyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň oňyn netijesidir» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag hatynda aýratyn nygtaýar. Gutlag hatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Card image cap
Mar 28 2026
Türkmenistan bilim ulgamynda halkara standartlaryna ygrarlylygyny görkezýär

Düýn Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim meseleleri boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini Türkmenistanyň bilim ulgamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Ol, aýratyn-da, bu işleriň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär. Hususan-da, hanym Jannini ýurduň ÝUNESKO-nyň bilim ulgamyndaky halkara konwensiýalaryna goşulmak boýunça ädýän işjeň ädimlerini nygtady. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara standartlaryna ygrarlydygynyň we bilim ulgamynyň hukuk binýadynyň berkidilýändiginiň subutnamasydyr. Şeýle hem ol Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, şol sanda inklýuziw we ýokary hilli bilimi ösdürmekde, sanlaryşdyrmakda hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde gazanan uly üstünliklerini belledi. Döwrebap we bäsleşige ukyply bilim ulgamyny ösdürmekde özgertmeleri yzygiderli ilerletmekde we strategik ugruny üpjün etmekde ýurduň ýolbaşçylygynyň tutýan orny aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we amaly gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Mundan ozal, Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşandygy barada habar beripdik.

Card image cap
Mar 26 2026
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Halkara olimpiada Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Malaýziýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Ugandanyň we Pakistanyň jemi 63 sany ýokary okuw mekdebinden 877 talyp gatnaşdy. Ders bäsleşiginiň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynda geçirilen açylyş dabarasy köp adamly boldy. Olimpiada bir tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, oňa gatnaşyjylara derse degişli 6 mesele hödürlendi, olary çözmek üçin jemi 120 minut wagt berildi. Eminler gazanylan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijilerini kesgitlediler. Şeýlelikde, halkara olimpiadada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 106 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Daşary ýurtlularyň arasynda Hytaý Halk Respublikasynyň talyplary öňe saýlandylar. Bäsleşige Hytaýdan 432 talyp gatnaşyp, olar 101 baýrakly orna eýe boldular. Ders bäsleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary aýratyn tapawutlandylar.