dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Hazar deňzinde tirana balyklarynyň senagat maksatlary boýunça awlanmagyna goýlan gadaganlyk 2026-njy ýyla çenli uzaldylar

Hazarýaka döwletleri tirana balyklarynyň senagat möçberinde awlanmagyna goýlan gadaganlygy 2026-njy ýyla çenli uzaltmagy goldady. Bu barada Russiýanyň Balyk hojalygy boýunça federal agentliginiň başlygynyň orunbasary Wasiliý Sokolow habar berdi.

Aşgabatda Hazar deňziniň suw bioserişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak boýunça komissiýanyň dokuzynjy mejlisi geçirilýär. Komissiýanyň işine Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň wekilleri gatnaşýarlar.

«Tirana balyklary boýunça ähli taraplar senagat maksatly awlamaga goýlan gadaganlygy uzaltmagy goldady. Diýmek, geljek ýyl tirana balygyny diňe ylmy barlaglar ýa-da emeli ösdürip ýetişdiriş maksatlary üçin awlamak mümkin bolar» diýip, ol belledi.

Sokolowyň aýtmagyna görä, taraplar milli hukuk ygtyýarlyklarynyň çäginden daşary, Hazar deňziniň açyk bölegi üçin umumy balykçylyk düzgünlerini işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar. Russiýa degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlap, başlyklyk edýän ýurt – Türkmenistanyň üsti bilen komissiýanyň indiki mejlisine çenli garamak üçin beýleki gatnaşyjylara ugradar.

Russiýanyň Balyk hojalygy boýunça federal agentliginiň başlygynyň orunbasary mejlisde Hazar deňzindäki balyk gorlarynyň ýagdaýynyň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda her bir ýurduň barlaglary özbaşdak geçirýändigi üçin, Russiýa ylmy barlaglaryň birmeňzeş usul boýunça geçirilmegini goldaýar.

«Iň köp alada döredýän mesele balyklaryň iýmlik binýadynyň üýtgemegi. Bu bolsa ekosistema we balyk gorlarynyň umumy ýagdaýyna täsir edýär» diýip, Sokolow nygtady. Şeýle hem ol Hazar deňziniň derejesiniň peselmeginiň tirana balyklarynyň iýmit üpjünçiligine ýaramaz täsir edýändigini we olaryň dowamlu köpelmegini haýalladýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 26 2026
Türkmenistanda «EA çözgütleri» atly talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «EA çözgütleri» atly milli talyp hakaton bäsleşiginiň netijelerini jemläp, ýeňijileri yglan etdi. Bäsleşik 21-nji fewralda institutyň garamagyndaky «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi. Oňa ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 16 talyp topary gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. I orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. II orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary eýe boldular. III orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 6 topar höweslendiriş baýraklaryna mynasyp boldy. Hakatona gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly IT önümlerini işläp taýýarlamakda bäsleşdiler. Esasy ugur ulanyjynyň derejesine görä soraglary emele getirip bilýän we jogaplara esaslanyp netijeleri seljerýän test ulgamlaryny döretmekdi. Ýeňijileriň innowasion çözgütleriniň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ugurda çagyrylan hünärmenlerden düzülen eminler topary tarapyndan seljerildi.