dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Sakarçäge etrabynda täze çagalar bakja-bagy açylyp ulanmaga berildi

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginde täze 17-nji çagalar bakja-bagy açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, iki gatdan ybarat bu binanyň açylyş dabarasyna etrabyň ýaşaýjylary, bilim işgärleri, Mejlisiň deputatlary, ýaşuly nesliň wekilleri, bagtyýar körpeler gatnaşdylar. Çagalar bakja-bagyny Mary welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Bally» hojalyk jemgyýeti bina etdi. Myhmanlar bakja-bagynyň otaglarynda körpelere döwrebap bilim, terbiýe bermek, olaryň rahat dynç almaklary üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Çagalar bagynyň okuw hem ýatylýan otaglary körpeleriň ilkinji ýazuw we okuw endiklerini öwrenmekleri, rahat dynç almaklary üçin birkemsiz enjamlaşdyrylypdyr. Lingafon, kompýuter, daşary ýurt dilleri we beýleki otaglar sanly serişdelere daýanýan enjamlar bilen üpjün edilipdir. Çagalar bakja-bagyndaky bedenterbiýe otagy, ýapyk howuz körpeleriň sagdyn bolmagyna ýardam berer. Binanyň ýanaşyk ýerinde çagalar bakja hem bag toparlary üçin 16 sany oýun meýdançasy gurlup, olar körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna görä, dürli oýnawaçlar bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Sen 25 2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabadyň Atçylyk sport toplumyna bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag bu ýerde ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygyň şanly baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyş derejesi bilen tanyşdy. Aşgabadyň Atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk işleri ýokary derejede ýerine ýetirildi. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Atçylyk sport toplumynyň ähli çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologiýa derejesine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde amala aşyrylan işleriň derejesi bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, toý çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadag toplumyň ekologiýa ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyk at çapyşyklary mynasybetli guralýan dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyna ünsi çekip, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyrylýan çykyşlaryň ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly senasyna öwrülmelidigini belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadag toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi we çapuw ýodasynyň derejesi, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň seýisleriniň we atşynaslarynyň jemlenip, toplumyň çapuw ýodasynyň derejesi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna hem bardy. Häzirki wagtda bu ýerde-de döwrebaplaşdyryş işleri dowam edýär. Gahryman Arkadag toplumda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.