dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Arkadag şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Arkadag şäheriniň Magtymguly Pyragy köçesiniň ugrunda ýerleşýän, ähli amatlyklary bolan 9 gatly, 54 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, dabara mynasybetli Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň talyplary aýdym-sazly, tansly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem türkmen toýunyň däp-dessurlary dabaralandyryldy. Şu gün Arkadag şäheriniň Gurbannazar Ezizow köçesiniň ugrunda ýerleşýän, ähli amatlyklary bolan döwrebap kottej jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy-da boldy. Täze şäherde ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Dünýä gözelliklerini zenanlar wasp edende» ady bilen keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijilik sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Sergi Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralyp, keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijilik işlerinde türkmen halkynyň baý milli gymmatlyklary hem-de nusgawy medeni mirasy görkezildi. Bu günki wakalar bilen baglylykda we ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, täze şäherde toý sadakasy hem berildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Sen 25 2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabadyň Atçylyk sport toplumyna bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag bu ýerde ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygyň şanly baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyş derejesi bilen tanyşdy. Aşgabadyň Atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk işleri ýokary derejede ýerine ýetirildi. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Atçylyk sport toplumynyň ähli çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologiýa derejesine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde amala aşyrylan işleriň derejesi bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, toý çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadag toplumyň ekologiýa ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyk at çapyşyklary mynasybetli guralýan dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyna ünsi çekip, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyrylýan çykyşlaryň ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly senasyna öwrülmelidigini belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadag toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi we çapuw ýodasynyň derejesi, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň seýisleriniň we atşynaslarynyň jemlenip, toplumyň çapuw ýodasynyň derejesi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna hem bardy. Häzirki wagtda bu ýerde-de döwrebaplaşdyryş işleri dowam edýär. Gahryman Arkadag toplumda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.