dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýranda saparda boldy

6 — 8-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri F.Sadeg hem-de ýol we şäher gurluşyk ministriniň orunbasary, Demir ýol edarasynyň müdiriýetiniň başlygy J.Zakeri bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary wagonlary dolandyryş merkezi we Tähran şäherinde ýerleşýän «Aprin» gury portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde demir ýol pudagy boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, üstaşyr geçýän ýükleriň dolanyşygyny artdyrmak boýunça degişli teklipler berildi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň hem-de Aşgabat ylalaşygy (Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman ugry boýunça) esasynda döredilen halkara ulag geçelgesiniň işjeňligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky ýük dolanyşygyny artdyrmak bilen bagly demir ýol ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Ermenistan — Eýran — Türkmenistan — Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak boýunça hem pikir alşyldy. Mundan başga-da, taraplar Akýaýla — Inçeburun demir ýol geçelgesine baryp gördüler we ol ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Sen 25 2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabadyň Atçylyk sport toplumyna bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag bu ýerde ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygyň şanly baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyş derejesi bilen tanyşdy. Aşgabadyň Atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk işleri ýokary derejede ýerine ýetirildi. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Atçylyk sport toplumynyň ähli çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologiýa derejesine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde amala aşyrylan işleriň derejesi bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, toý çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadag toplumyň ekologiýa ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyk at çapyşyklary mynasybetli guralýan dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyna ünsi çekip, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyrylýan çykyşlaryň ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly senasyna öwrülmelidigini belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadag toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi we çapuw ýodasynyň derejesi, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň seýisleriniň we atşynaslarynyň jemlenip, toplumyň çapuw ýodasynyň derejesi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna hem bardy. Häzirki wagtda bu ýerde-de döwrebaplaşdyryş işleri dowam edýär. Gahryman Arkadag toplumda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.