dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag, ilki bilen, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň öňündäki meýdançada aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhunly çykyşyna tomaşa etdi. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde açylyş dabarasy mynasybetli Gutlag sözi bilen çykyş etdi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş toý bagyny kesip, uniwersitetiň edara binasyna girensoň, türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda diwarlaryň ýüzünde mozaika görnüşinde ýerine ýetirilen, gadymyýetdäki türkmen täjirlerini we häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň dürli ugurlarda, şol sanda ylymda, bilimde, innowasiýa häsiýetli ýokary tehnologiýalarda ýeten sepgitlerini beýan edýän surat eserlerini synlady. Gahryman Arkadag uniwersitetiň barlag-tejribehana otaglaryna baryp gördi we ýokary hilli, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen otaglarda döredilen şertler bilen tanşyp, talyplaryň amaly okuw sapaklaryny geçýän pursatlaryna syn etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň howlusynda guralan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän milli önümleriniň sergi pawilýonlary bilen hem tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze uniwersitetiň rektoryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat berilýän täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mejlisler zalynda açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň, mugallymlaryň we talyplaryň öňünde beýanat bilen çykyş etdi. Bu ýerde uniwersitetiň rektoryna Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine berlen halkara güwänamalardyr ýörite baýraklar gowşuryldy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy. Gahryman Arkadagdan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň agzybir işgärleriniň hem-de talyp ýaşlarynyň adyndan sowgat berilýän ajaýyp türkmen halysyny Türkmenistanyň Prezidentine gowşurmagy haýyş edildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Sen 25 2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabadyň Atçylyk sport toplumyna bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag bu ýerde ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygyň şanly baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyş derejesi bilen tanyşdy. Aşgabadyň Atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk işleri ýokary derejede ýerine ýetirildi. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Atçylyk sport toplumynyň ähli çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologiýa derejesine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde amala aşyrylan işleriň derejesi bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, toý çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadag toplumyň ekologiýa ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyk at çapyşyklary mynasybetli guralýan dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyna ünsi çekip, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyrylýan çykyşlaryň ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly senasyna öwrülmelidigini belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadag toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi we çapuw ýodasynyň derejesi, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň seýisleriniň we atşynaslarynyň jemlenip, toplumyň çapuw ýodasynyň derejesi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna hem bardy. Häzirki wagtda bu ýerde-de döwrebaplaşdyryş işleri dowam edýär. Gahryman Arkadag toplumda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.