dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanda emeli aňy ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar

Türkmenistan emeli aňy döwlet dolandyryşyndan we saglygy goraýyşdan başlap, bilim we oba hojalygy ýaly durmuşyň dürli ugurlaryna ornaşdyrmak boýunça işleri işjeň alyp barýar. Bu barada «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň orunbasary Nurmyrat Rejepow habar berdi.

«Biz emeli aňyň köp işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak üçin esasy gural bolup biljekdigine düşünýäris. Ählumumy meýilleri nazara alyp, döwlet halkara tejribä daýanmak bilen, emeli aňy bilim işine ornaşdyrmak üçin kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we ýol kartalaryny işläp düzmek boýunça wezipeleri goýdy» — diýip, Rejepow Aşgabatda standartlaşdyrmak boýunça halkara maslahatynda eden çykyşynda nygtady.

Onuň sözlerine görä, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi 5G tehnologiýalarynyň ösdürilmegi, kosmos taslamalaryna gatnaşmagy, kiberhowpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk, maglumatlar merkezleriniň döredilmegi we sanly tehnologiýalar hem-de emeli aň babatda işgärleriň taýýarlanylmagy ýaly birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyr.

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berilýär. Agentligiň ýanynda Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi we ol üstünlikli işleýär. Şeýle hem IT-ulgamynda zehinli ýaşlara işjeň goldaw berilýär, ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri döwrebaplaşdyrylýar we startaplaryň ösmegi üçin amatly şertler döredilýär – diýip, Rejepow sözüniň üstüne goşdy.

«Sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur bolan programma çözgütleriniň köpüsiniň ýerli programmaçylar tarapyndan işlenip düzülýändigini bellemek möhümdir. Hususy ulgamyň çäklerinde IT-klasterler döredilýär we täze IT-parklar açylýar, olaryň işi sanly infrastrukturany ösdürmäge, ylym bilen önümçiligiň arasynda arabaglanyşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem innowasion önümleriň halkara bazaryna çykmaga gönükdirilendir» - diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň orunbasary nygtady.

Nurmyrat Rejepow öz halkara hyzmatdaşlaryny 12-14-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek we sanly tehnologiýalar babatda tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin meýdança öwrüljek «Türkmentel 2025» sergisine we maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.