dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 25-26-njy aprelde Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Döwlet Baştutanlarynyň şu formatda iýun aýynda Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän ikinji sammitine taýýarlyk meseleleri gepleşikleriň esasy mazmunyny düzdi. Gatnaşyjylar öňde boljak forumda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň mazmunyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmegiň möhümdigini bellediler.