dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi geçiriler. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Hökümetiň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýer häzirki wagtda Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ylmyň gazananlary, täze himiki tehnologiýalar arkaly ekologik taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şonuň netijesinde, öňdebaryjy usullardyr döwrebap tehnologiýalar önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar