dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi

Türkmenistanda dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Esasy baýramçylyk dabaralary we köpçülikleýin welosipedli ýöriş Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

TDH-niň teswirleýşi ýaly, Bütindünýä saglyk güni türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Munuň özi durmuş ugurly döwlet syýasatynyň oňyn netijesidir. Halkyň abadan durmuşyny üpjün etmek bu syýasatyň ileri tutulýan wezipesidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurtda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketini höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilýär.

Saglygy goraýyş, sport we ekologiýa ulgamlaryna degişli möhüm wezipeleri çözmekde jogapkärçilikli orny eýeleýän Türkmenistan bu babatda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly halkara we sebit guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, türkmen döwletiniň welosiped sürmek medeniýetini ösdürmek boýunça teklipleri dünýä giňişliginde uly goldawa mynasyp bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2022-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalar munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.

Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga alyp, şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Arkadag şäherinde, ýurduň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Bu ajaýyp baýram mynasybetli 1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň çar künjeginde dürli çäreler, şol sanda mowzuklaýyn maslahatlar, “tegelek stol” duşuşyklary, sergiler, okuw sapaklary, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çärelerdir dabaralar, sport ýaryşlary guraldy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.