Gurbanguly Berdimuhamedow Jebeldäki howa menziliň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde Jebel şäherçesindäki täze halkara howa menziliniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow uçuş-gonuş zolagynda işleriň barşy bilen tanyşdy, bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň aýratynlyklary, olaryň berklik we halkara ölçeglere laýyklyk derejesi bilen gyzyklandy.
Toplumyň binalaryna, kömekçi desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna, ýolagçylar üçin amatlylyk derejesiniň üpjün edilişine aýratyn üns berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow täze howa menziliniň “Mollagara” şyphanasyna dynç almaga we bejergi almaga gelýän adamlar üçin amatly şertleri döretjekdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň dowamynda geljekde kemala getiriljek desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy, taslama çözgütleri, şol sanda öwrüm ýollarynyň, howa gämileri üçin duralganyň, ýolagçy terminalyň, dolandyryş diňiniň, howpsuzlyk ulgamynyň, halas ediş we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň, tehniki desgalaryň, suw howzunyň, radiotehniki bekediň we olaryň ýagtylandyrylyşynyň aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparyny tamamlap, Aşgabat şäherine geldi.
Jebel şäherçesindäki sagatda 100-e çenli ýolagçyny geçirmäge ukyply halkara howa menzilini şu ýylda açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Toplum şeýle hem elektrik bekedi, ýangyna garşy göreş gulluklarynyň edaralaryny, 35 metrlik dolandyryş diňini we tehniki hyzmat ediş desgalaryny özünde jemlär.