dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Halk Maslahatynyň Başlygy Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadag mähirli garşylanyldy. Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.

Halk Maslahatynyň Başlygy Awazadaky sport toplumynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçe ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde ýerine ýetirilýän işler baradaky maglumatlary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň barşynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde ýurduň günbatar sebitinde ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek we halkara çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde deňziň kenaryndaky ajaýyp künjekde halkara çäreleri geçirmek boýunça göz öňünde tutulýan binalar toplumynyň ýerleşjek ýerleriniň teklip edilýän meýilnamasy, toplumyň binalarynyň aýratynlyklary, onuň girelgesi, binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň görnüşleri barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow garamagyna hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanda ozal geçirilen «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň» özboluşly dowamyna öwrüljek halkara forumyň ähli ugurlar boýunça guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda halkara foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler, myhmanlary garşylamak, olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, halkara forumyň dowamynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasy, forumyň işine dünýä dillerini kämil bilýän ýaşlary çekmek, halkara çäräniň çäklerinde guraljak söwda we hyzmatlar medeniýeti, bu babatda meýilleşdirilýän çäreler, myhmanlara ulag we aragatnaşyk babatda hödürlenjek hyzmatlar, forumyň geçirilýän günlerinde tertip-düzgüniň berjaý edilmegi bilen bagly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.