dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etdi

21-nji martda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak» gün tertibiniň 61-nji bendi bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Kararnamany hödürlemek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy we ýurduň deňagramly parahatçylyk taglymatyny halkara giňişliginde durmuşa geçirmegiň binýady bolup durýandygyny nygtady.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky ilkinji Kararnamanyň kabul edilen döwründen bäri Türkmenistan özüniň bitaraplyk ugruna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän hemmetaraplaýyn goldawa daýanmak bilen, sebit we ählumumy derejelerinde öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär.

A.Ataýewa bitaraplygyň Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatyna çuňňur ornaşandygyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Konstitusion kanunynda berkidilendigini hem-de türkmen halkynyň parahatçylygy, dialogy we birek-birege hormat goýmagy döwlet gurluşynyň özeninde goýýan taryhy mirasyna we däp-dessurlaryna esaslanýandygyny aýratyn nygtady.

Kararnamada, hususan-da, bitarap ýurtlaryň çäklerini parahatçylykly gepleşikleri geçirmek maksady bilen peýdalanmak maslahat berilýär.

Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we Merkezi Aziýada Parahatçylyk we ynanyşmak zolagy ýaly sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy goramagyň we berkitmegiň möhüm institutlarynda we görnüşlerinde öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi, BMG-niň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 14 2026
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin suw serişdelerine elýeterliligi kepillendirmäge çagyrdy

Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin suwa, suw serişdelerine we deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterliligi kepillendirmäge çagyrdy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda eden çykyşynda aýtdy. «Şu gezekki forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak hakynda ýene bir mowzugy barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu meselede eýeleýän orny anyk we aýdyňdyr. Bu döwletlere suwa, has giň manyda suw serişdelerine, şeýle hem deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterlilik üpjün edilmelidir» — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Onuň sözlerine görä, Şeýle çemeleşme diňe bir syýasy-hukuk däl, eýsem, ahlak esasly şert bolup hem çykyş edýär. Ol häzirki we geljek nesilleriň öňünde jogapkärçilik bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň awgustynda ýurdumyzda dünýä ähmiýetli möhüm waka — BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Maslahatda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň resminamasy derejesine eýe boldy. Bu resminamada 44 döwletde ýaşaýan onlarça million adamyň kanuny hukuklaryny we zerurlyklaryny üpjün etmek üçin durmuşa geçirilmeli esas goýujy ýörelgeler hem-de çemeleşmeler beýan edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu resminamanyň ähli düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi ugrunda yzygiderli we maksatly işleri alyp barjakdygyny nygtady. «Bu işde giň halkara goldawyna umyt edýäris» — diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. Milli Lider Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda iş alyp barýandygyny hem aýtdy. Ýurduň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bähbitlerini goramak boýunça rezolýusiýalaryna esaslanyp, Türkmenistan döwletleriň köptaraplaýyn tagallalaryny birleşdirmäge we BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da UNIDO bilen amaly işleri netijeli utgaşdyrmaga mundan beýläk-de ýardam berer. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda iş alyp barýar. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini goramak ulgamynda we beýleki birnäçe wajyp ugurlar boýunça kabul edilen Kararnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan resminamada beýan edilen wezipeleri çözmek üçin köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, UNIDO bilen agza döwletleriň hereketlerini netijeli utgaşdyrmaga goldaw bermegini dowam etdirer.

Card image cap
Apr 13 2026
Iki türkmen ýokary okuw mekdebi «Lomonosow-2026» atly halkara maslahaty üçin meýdança hökmünde çykyş etdi

Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebi Lomonosow-2026 halkara ylmy maslahaty atly XXXIII Halkara ylmy maslahatynyň dört bölümini geçirmek üçin meýdança hökmünde çykyş etdi. Bu maslahat M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guraldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, forumyň işi 10-njy aprelden 24-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň sebitlerindäki meýdançalarda, şeýle hem M.W. Lomonosow adyndaky MDU-nyň Russiýadaky, Gazagystandaky, Täjigistandaky, Ermenistandaky, Özbegistandaky, Azerbaýjandaky we Hytaýdaky şahamçalarynda, şeýle-de Türkmenistandaky halkara meýdançasynda jemi 44 bölüm boýunça geçirilýär. 11-nji aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda üç bölüm üstünlikli geçirildi: «Daşary ýurt dilleri we sebitleýin öwreniş», «Terjime nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» hem-de «Filologiýa». Şol gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem «Himiýa» ugry boýunça forumyň ýene bir bölümini geçirmek üçin meýdança hökmünde çykyş etdi. Türkmenistanyň talyplary, magistrantlary, aspirantlary we ýaş alymlary öz ylmy çykyşlary bilen gatnaşyp, innowasion gözlegleriniň netijelerini, ylmy gazananlaryny we amaly ähmiýetli tekliplerini hödürlediler. Türkmenistan şeýle görnüşdäki halkara hyzmatdaşlyga ilkinji gezek geçen ýyl goşuldy. Şonda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda «Lomonosow» halkara maslahatynyň iki bölümi geçirilipdi. Şu ýyl bolsa Aşgabat şäherindäki M.W. Lomonosow adyndaky MDU-nyň halkara meýdançasy has-da giňeldildi. Bu bolsa akademiki hyzmatdaşlygyň berkeýändigini görkezýär.

Card image cap
Apr 10 2026
Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, bu ýoluň gadymy döwürlerde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşdäki nusgasyna öwrüljekdigini  nygtady. Bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolup, onuň Mary — Türkmenabat bölegi 288 kilometrdir. Bu ýol bölegi «Türkmenawtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Ýoluň ugry Mary şäherinden başlap, Ýolöten we Türkmengala ýaly ilatly nokatlaryň golaýyndan geçýär hem-de demirgazyk-gündogar ugry boýunça Türkmenabat şäherine çenli uzalýar. Taslamanyň çäginde jemi 3 sany iri köpri guruldy. Ýoluň umumy galyňlygy 4 – 6 metr aralygyndadyr. Onuň ugrunda jemi 3 sany tehniki hyzmat ediş nokady, 5 sany ýangyç guýujy beket, 583-nji kilometrde uly töleg terminaly, 353-nji kilometrde kiçi töleg terminaly hereket edýär. Şunuň bilen birlikde, bu ýoluň ugrunda oba hojalyk tehnikalaryny we mallary geçirmek üçin niýetlenilen geçelgeler göz öňünde tutulan. 234 sany wideogözegçilik bolsa ýokary tizlikli gara ýoly gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Ýolda 144 sany telefon ulgamy ýerleşdirilip, zerur ýagdaýda hyzmat ediji topar bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýär. Ýokary tizlikli ýoluň giňişligi jemi 34,5 metr bolup, iki taraplaýyn ýoluň hereket böleginiň ini 22,5 metre deňdir. Ýoluň hereket howpsuzlygy üçin demir barýerler we ýabany haýwanlaryň päsgelçiliginiň öňüni almak üçin ulag germewleri çekilendir. Ýolagçylar üçin döredilen awtoduralgalar, myhmanhana döwrebap hyzmatlar hödürlenilýän kafeteriýalar, söwda we iýmit nokatlary göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurduň ykdysady ösüşine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesine gönükdirilen tutumly işleriň mynasyp dowamyna öwrülen taryhy wakadyr.