dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Belarus kaliý ýükiniň üstaşyr gatnawyny amala aşyrýar

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolup çykyş etmek bilen, «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde uly möçberlerde konteýner gatnawlaryny amala aşyrmaklyga dowam edýär.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň fewral aýyndan başlap, Belarus Respublikasynyň iri mineral dökünlerini öndüriji kärhanasy AGPJ «Беларуськалий» kärhanasynyň kaliý ýüküni başlangyç jemi her biri 62 sany 40-futluk konteýnerden ybarat bolan 2 sany synag görnüşindäki konteýner otly düzümini Belarusiýa – Russiýa – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ugry boýunça ýurdumyzyň Etrek stansiýasynyň üsti bilen olary Eýran (Bender Abbas portundan) deňiz gatnawlary arkaly Hytaýyň gündogar deňiz portlaryna ugradyp başlady. Bu barada TULM öz saýtynda habar berýär.

Synag konteýner otly düzümleriniň jemi 8 gatnawdan ybarat bolup, her aýda 20 000 tonna çenli gatnawy amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Gelejekde hem «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesi arkaly bu kaliý ýükli konteýner otly düzümlerini Hindistanyň portlaryna hem ugratmaklyk göz öňünde tutulýar.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 26 2026
Türkmenistanda «EA çözgütleri» atly talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «EA çözgütleri» atly milli talyp hakaton bäsleşiginiň netijelerini jemläp, ýeňijileri yglan etdi. Bäsleşik 21-nji fewralda institutyň garamagyndaky «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi. Oňa ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 16 talyp topary gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. I orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. II orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary eýe boldular. III orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 6 topar höweslendiriş baýraklaryna mynasyp boldy. Hakatona gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly IT önümlerini işläp taýýarlamakda bäsleşdiler. Esasy ugur ulanyjynyň derejesine görä soraglary emele getirip bilýän we jogaplara esaslanyp netijeleri seljerýän test ulgamlaryny döretmekdi. Ýeňijileriň innowasion çözgütleriniň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ugurda çagyrylan hünärmenlerden düzülen eminler topary tarapyndan seljerildi.