dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň önümçiligine girişildi

Türkmenistanyň «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda ilkinji gury ýük gämisiniň kilini goýmak dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen çärä werfiň ýolbaşçylygynyň we Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy – diýip, balkanshipyard.com.tm saýtynda habar berilýär.

Gurluşyk 2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde alnyp barylýar. Ylalaşyk ýük göterijiligi 6100 tonna barabar bolan iki sany gury ýük gämisini gurmak barada baglaşylypdy. Şertnama «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» №680 belgili Karara laýyklykda durmuşa geçirilýär we ol ýurduň ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Ilkinji gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň awgust aýynda başlandy we eýýäm noýabr aýyna çenli werfe gurulýan gämileriň ilkinji bloklary getirildi. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Günorta Koreýanyň hünärmenleriniň tehnologik taýdan kömek bermegi bilen amala aşyrylýar we Türkmenistanyň Prezidentiniň deňiz we derýa ulaglaryny, şeýle hem ýurduň gämi gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamasynyň bir bölegidir.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 26 2026
Türkmenistanda «EA çözgütleri» atly talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «EA çözgütleri» atly milli talyp hakaton bäsleşiginiň netijelerini jemläp, ýeňijileri yglan etdi. Bäsleşik 21-nji fewralda institutyň garamagyndaky «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi. Oňa ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 16 talyp topary gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. I orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. II orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary eýe boldular. III orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 6 topar höweslendiriş baýraklaryna mynasyp boldy. Hakatona gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly IT önümlerini işläp taýýarlamakda bäsleşdiler. Esasy ugur ulanyjynyň derejesine görä soraglary emele getirip bilýän we jogaplara esaslanyp netijeleri seljerýän test ulgamlaryny döretmekdi. Ýeňijileriň innowasion çözgütleriniň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ugurda çagyrylan hünärmenlerden düzülen eminler topary tarapyndan seljerildi.