2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek teklip edilýär
Habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we iş saparynyň barşynda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa halkdan gelip gowuşýan köp sanly teklipleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýüztutmalaryny nazara alyp, Gahryman Arkadagdan 2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek baradaky teklibi Türkmenistanyň Prezidentine ýetirmegi haýyş etdiler.
Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belläp, bu çözgüdiň türkmen halkynyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine we ýurduň Bitaraplyk syýasatyna mahsusdygyny aýtdy.
Gahryman Arkadag täze şäheriň ýolbaşçylarynyň tekliplerini Türkmenistanyň Prezidentine ýetirjekdigini aýtdy we döwlet Baştutanynyň teklibi makullan halatynda, degişli taýýarlyk işlerine girişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu barada TDH habar berýär.