Türkmenbaşy şäherinde 5 sany ýaşaýyş jaýy açyldy
Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň açylyş dabarasy boldy. Jaýlaryň her birinde iki, üç we dört otagly, ýerleşdirilişi has gowulandyrylan 60 öý bolup, olar gurlanda ýokary hilli bezeg serişdeleri ulanyldy. Ýaşamak hem-de rahat dynç almak üçin ähli şertler döredilen, mebeller, döwrebap aşhana göz öňünde tutulan, amatly howa ýagdaýyny üpjün edýän ulgamlary bolan öýler gapylaryny giňden açdy. Abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary gurlupdyr.
Bellenilişi ýaly, ýaşaýjylar üçin amatly durmuş gurşawynyň döredilmegine bildirilýän ýokary talaplar täze binalaryň tapawutly aýratynlyklarydyr. Şeýlelikde, toplumlaýyn şähergurluşyk konsepsiýasy iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ol öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň oýlanyşykly peýdalanylmagyna, raýatlaryň doly derejeli dynç almaklary üçin aňrybaş şertleriň döredilmegine gönükdirilendir diýlip, çeşmede bellenilýär.