dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara bäsleşigi başlady

Türkmenistanyň paýtagtynda 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän «Ashgabat Open 2024» halkara tennis bäsleşigi başlady. Ýaryşyň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň çäginde geçirildi. Bäsleşige dürli ýurtlardan gelen ýaş zehinler gatnaşýarlar.

Bu halkara bäsleşigi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan guralýar. Sport böleginden daşary ýaryşa gatnaşyjylar üçin muzeýlere, haýwanat bagyna, sirke we Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görmegi öz içine alýan baý medeni maksatnama taýýarlandy.

«Ashgabat Open 2024» halkara tennis bäsleşiginiň jemleýji oýunlary we ýeňijileri sylaglamak dabarasy 16-njy noýabrda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Iýl 07 2025
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämileri we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.   Gämiler “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama, deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.   Mundan başga-da, “Balkan” zawodynda gämileriň gurulmagy täze iş orunlarynyň açylmagyna, şeýle hem, türkmen inženerleriniň we işçileriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna we pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin şertleri döreder. Bu bäsleşik barada giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen salgylardan alyp bilersiňiz: