dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary: «Türkmenistanda rus diline uly üns berilýär»

ürkmenistanda rus diline uly üns berilýär diýip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklaryň – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirdi.
Russiýa Federasiýasynyň Wise-premýeriniň sözlerine görä, Aşgabatda geçirilen bu duşuşygyň dowamynda bilelikdäki gün tertibini düzýän ençeme meselelere seredildi, rus diliniň ýaýramagy, medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim, syýahatçylyk ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Nygtalyşy ýaly, Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda rus dili öwredilýär.

Owerçuk duşuşygyň örän dostlukly we mähirli ýagdaýda geçirilendigini aýtdy. Ol:

«Indiki ýylyň başynda hökümetara komissiýanyň mejlisini geçirmegi meýilleşdirýäris. Onuň çäginde öňümizde goýan maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişine gözegçilik ederis we täze meýilnamalary düzeris»-diýdi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.