dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy boldy

30-njy oktýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy we onuň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen ugurlary kesgitlenildi. Özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigi bellenildi.

Iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň — ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda, bank we maýa goýum pudaklarynda, işewürlik ýaly ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, täze girdejili pudaklary döretmek, ýokary hilli we eksport ugurly önümleriň täze görnüşlerini öndürmek maksady bilen, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň we maksatnamalaryň hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen Russiýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň arasynda hem birnäçe duşuşyklar geçirildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.