dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Moskwada «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Paşkow öýünde Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň aýdym-saz neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda gibrid görnüşde Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, maslahat Russiýanyň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII Moskwa Halkara sungat festiwalynyň çäginde guraldy.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Russiýanyň Döwlet kitaphanasyna edebiýat, milli baýlyklar, medeniýet baradaky kitaplary, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan birnäçe kitaplar, Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň ýubileý nusgalary sowgat berildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 04 2025
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna Arkadag şäherinde dabara geçirildi

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda halkara baýraklara, hususan-da, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara eýe bolmaklary mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu dabaraly çärelere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri we beýleki köp sanly adamlar gatnaşdylar.«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaraly çäreler Arkadag şäherindäki «Akhan» binasynyň ýanynda başlandy. Ilki bilen, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary, köp sanly dabara gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynda ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler hem-de bu ýerden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň atly topary bilen bilelikde atly ýörişli Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar.