dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady

Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bolşy ýaly, şu gün Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda, hususan-da, şeýle diýilýär:

"Eziz watandaşlar! Hormatly itşynaslar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli buýsanjymyz we gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size batyrlygy, duýgurlygy, akyllylygy bilen tapawutlanyp, mähriban halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmekde alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy itleriniň biridir, merdana halkymyzyň göz guwanjy, genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Eýesine wepadar, örän hüşgär, batyr hem-de gaýduwsyz alabaýlaryň dünýädäki şan-şöhraty barha artýar.

Hormatly itşynaslar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli itşynaslyk sungatymyzy kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bu möhüm pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Munuň özi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Eziz Diýarymyzda bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda türkmen alabaýlarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin zerur şertler döredildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň merkezleri guruldy. Bu bolsa itşynaslarymyza döwrüň talaplaryna laýyk iş alyp barmak üçin giň şertleri döretdi.

Häzirki wagtda türkmen itşynaslary tarapyndan milli buýsanjymyz bolan alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça köp işler geçirilýär. Biz geljekde-de itçilik pudagyny ösdürmäge, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli tejribe alyşmaga hem-de itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns bereris.

Hormatly itşynaslar!

Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biridir. Halk seçgiçiligi esasynda döredilip, uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen türkmen alabaýlarymyz halkymyzyň köňül guwanjydyr.

Ynsan bilen türkmen alabaýynyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Ata-babalarymyz ajaýyp alabaý itlerimizde güýçlüligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň, wepadarlygyň ajaýyp nyşanyny görüpdirler. Türkmen alabaýlary gadymy topragymyzyň gudratydyr, mukaddes ojaklaryň ýaraşygydyr, goragçysydyr we bahasyna ýetip bolmajak milli buýsanjydyr.

Eziz watandaşlar! Hormatly itşynaslar!

Sizi Garaşsyz ýurdumyzda şan-şöhraty dünýä dolan edermen alabaýlarymyzyň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen itşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly rowaçlyklary arzuw edýärin".

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Okt 23 2026
«Türkmennebit» Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde maýadarlar üçin şertleri mälim etdi

«Türkmennebit» döwlet konserni daşary ýurt kompaniýalarynyň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmäge gatnaşmagynyň şertleri barada maglumat berdi. Bu barada Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatda we sergide konserniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew çykyş etdi. Onuň sözlerine görä, Hazar deňziniň milli bölegindäki uglewodorod serişdelerini özleşdirmek ýurduň nebit pudagyna maýa goýumlaryny çekmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda amala aşyrylýar. Bu kanun nebit işlerini geçirmekde we önümi paýlaşmak hakynda şertnamalary baglaşmakda daşary ýurt maýadarlarynyň hukuklaryny kepillendirýär. Hazar deňziniň türkmen bölegi 30-dan gowrak ygtyýarnama meýdançasyna bölünýär. Gyzyklanma bildirýän maýadar bir ýa-da birnäçe meýdança boýunça «Türkmennebit» döwlet konsernine resmi ýüz tutup biler. Ýüz tutma seredilenden soň, konserniň hünärmenleri kompaniýanyň bellenen talaplara laýyk gelýändigini tassyklasalar, ol saýlanan meýdança boýunça göni, eksklýuziw häsiýete eýe bolmadyk gepleşiklere gatnaşmaga çagyrylýar. Gepleşikler üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda taraplar önümi paýlaşmak hakynda şertnama ýa-da kanunçylykda göz öňünde tutulan başga bir şertnama baglaşýarlar. Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamadan başga-da, kanun roýalti we salgyt tölemek şertleri bilen konsessiýa şertnamasyny, bilelikdäki iş alyp barmak hakyndaky şertnamany, şeýle hem töwekgelçilikli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça şertnamany baglaşmaga mümkinçilik berýär. Batyr Jumaýewiň düşündirmegine görä, kanunçylyk bu şertnamalaryň dürli görnüşlerini utgaşdyrmaga, şeýle-de halkara tejribesinde ulanylýan beýleki şertnamalardan peýdalanmaga ýol açýar. Ol maýadarlar üçin döredilen birnäçe kepilliklere aýratyn ünsi çekdi. «Ilki bilen, bu diňe bir görnüşli salgydy — peýda salgydyny we tebigy serişdelerden peýdalanmak hukugy üçin iki-üç görnüşli tölegi göz öňünde tutýan ýönekeýleşdirilen ýeňillikli salgyt ulgamydyr» — diýip, konserniň başlygynyň orunbasary belledi. Şunda maýadarlar beýleki hökmany töleglerden, ýygymlardan we paçlardan boşadylýar. Nebit işlerini geçirmek üçin getirilýän we daşary çykarylýan harytlaryň, materiallaryň hem-de enjamlaryň üpjünçiligi boýunça baglaşylýan şertnamalary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige aldyrmak talap edilmeýär. Potratçy enjamlar we materiallar import edilende ýa-da eksport edilende alynýan gümrük paçlaryndan we ýygymlaryndan, şol sanda öz paýyna düşýän gazylyp alnan uglewodorodlaryň möçberine degişli paçlardan boşadylýar. Bu ýeňillikler kömekçi potratçylara hem degişlidir. Mundan başga-da, maýadar uglewodorodlaryň öz paýyna düşýän bölegine erkin ygtyýar edip biler. Şol sanda nebiti goşmaça salgytlar, ygtyýarnamalar we rugsatnamalar bolmazdan nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda gaýtadan işlemäge hem hukugy bardyr. Batyr Jumaýewiň habar bermegine görä, deňiz ýalpaklygynda önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamalaryň çäklerinde konsern «Dragon Oil», «Petronas» we «ADNOC» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2026-njy ýylyň iýun aýynda 19-njy we 20-nji bloklar boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama «Türkmennebit» döwlet konserni, Malaýziýanyň «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasy hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasy tarapyndan gol çekilip baglaşyldy. Mundan başga-da, «Petronas Carigali» bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, geologiýa-gözleg işleri başlandy. Häzirki wagtda 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji bloklarda iki ölçegli (2D) seýsmiki barlaglar geçirilýär. Çykyş edýäniň sözlerine görä, bu ädimler Türkmenistanyň «açyk gapylar» syýasatyna ygrarlydygyny we ýurduň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini tassyklaýar. Çykyşynyň ahyrynda Batyr Jumaýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň halkara kompaniýalar bilen «deňhukuklylyk we özara bähbitlilik şertlerinde» gepleşik geçirmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.