dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory bilen duşuşyk geçirildi

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullygy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny, energetika, metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada Türkmenistanyň başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu başlangyç Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürüldi we Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäginde ileri tutulýan garaýyşlarynyň hatarynda görkezildi.

Gepleşigiň çäginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň gün we ýel energiýasy şeýle hem energiýany saklamak we geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu ugurdaky meseleleri çözmek üçin hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.