dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmebaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda ýaş neslimizi däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza bolan hormaty, buýsanjy artdyrmak boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Biziň ýurdumyzda ruhy sagdynlyk, ahlak ýörelgeleri, halkymyzyň milli däp-dessurlary, urp-adatlary döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýulýar. Halkymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhy ýoly bar. Şol bäş müň ýyllyk taryhymyzyň ýüze çykaran däp-dessurlary bu günki gün ajaýyp edep-ekram mekdebi, tertip-düzgün bolup kalplara siňip gitdi. Hat-da ösen döwletleriň kämil kanunçylyk binýatlaryna-da gaýra dur diýdirýän halkymyzyň tüýs türkmençilige has bolan milli däp-dessurlary bar. Ata-babalarymyz müňýylyklaryň dowamynda durmuş mekdebiniň özboluşly kada-kanunlaryny işläp, umumy adamzat ýol-ýörelgelerine, edim-gylymlaryna, medeniýetine saldamly goşant goşupdyrlar. Jemgyýetde özüňi alyp barmagyň, belent nusgasyny görkezipdirler. Biziň däp-dessurlarymyzda adamzat ahlagynyň iň gowy sypatlary jemlenendir. Biziň adatlarymyzdan däp döräpdir. Däplerimizden dessur döräpdir. Ogul öýerilende, gyz çykarylanda toý tutmak däp, Toý tutulanda birnäçe dessurlar berjaý edilýär. Türkmeniň däp-dessurlaryndan urp-adatlaryndan halkymyzyň edep kadalary gelip çykypdyr we kämilleşipdir. Muňa salamlaşmak edebi, myhmançylyga barmak edebi, egin-eşik edebi, iýip-içmek edebi, gelin-gaýyn edepleri degişlidir. Şol edep kadalarynyň içinden perzendiň ene-atanyň öňündäki borjy, ata-enäniň perzendiň öňündäki borjy, doganyň-doganyň öňündäki borjy, raýatyň watan öňündäki borçlary syzylyp çykypdyr. Halkymyzyň milli däp-dessurlary we urp-adatlary türkmen halk döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halk döredijiligi özüniň mazmuny, formasy boýunça ertekiler, şorta sözler, rowaýatlar, eposlar, läleler, monjukatdylar, hüwdüler, toý aýdymlary ýar-ýar, dürli sanawaçlar, halk aýdymlary, nakyllardyr atalar sözleri, matallar, yrymlar, ýalňytmaçlar, ýomaklar, ýareýjan ýa-da, dönem ýaly ýörgünli eserlere bölünýär. Däp-dessur döredijiliginde hüwdi aýdymlary, sallançakda ýatan ýaş çagalara degişlidir, ene-atanyň çaga-perzende bolan mähirli söýgüsi, olaryň edepli ekramly döwrebap adam bolup ýetişmekleri, elleriniň hünärli bolmagy ýaly möhüm göwün islegleri bilen baglanyşykly bolupdyr. Halkymyz özüniň milli gymmatlyklaryny ýagny milli şaý-seplerini, egin-eşiklerini, päkize türkmen bedewlerini, nepis halylaryny, durmuş edim -gylymlaryny, urp-adatlaryny ýer ýüzünde bolup geçen ownukly irili uruşlaryň içinden, ot-ýalynyň içinden asyrlaryň jümmüşinden alyp çykyp agyzla gapdyrman, toýnakla depdirmän biziň şu günlerimize ýetiripdirler. Däp-dessurlar geçmişi şu güne, şu güni ertire eltjek gymmatlyklardyr. Şonuň üçin däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy, edep kadalarymyzy biziň her birimiz içgin öwrenip, olary ene-mamalarymyzyň öwüt-ündewleriniň üsti bilen, sahna folklor, oýunlarynyň ýagny hüwdileriň, läleleriň, üsti bilen ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmak üçin terbiýeçilik usullarynyň ähli görnüşlerinden ýerlikli peýdalanmagymyz gerek. Halkymyz sözüňi diňläp aklyňa, geýmiňi synlap duýgyňa, işiňi görüp başarnygyňa, öýüňe seredip ömrüňe baha berýär. Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Jemgyýeti sagdyn we arassa saklajak bolsaň, maşgalany arassa hem sagdyn saklamaly. Islendik milletiň ösüşiniň derejesi onuň medeniýetiniň kämilligi bilen kesgitlenýär.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.