dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti hatyralandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşynyň ruhy metjidiniň ýanyndaky kümmetiň öňünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidenti, ilki bilen, bu ýerde metjidiň ýanyndaky kümmetde ýadygärlige gül dessesini goýdular.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, ýurduň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi öten-geçen merhumlary, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowy hatyralap aýat-doga okady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow soňra daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri doly ygtyýarly wekillere şeýle möhüm çärelere yzygiderli gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ilçiler, öz gezeginde, şu günki berilýän sadakanyň Allanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidenti kümmetiň aşaky gatyna düşdüler. Bu ýerde ýurduň müftüsi Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hem-de onuň ýakynlaryny hatyralap aýat-doga okady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow soňra kümmetden çykyp, Türkmenbaşynyň ruhy metjidine bardylar hem-de ýolugruna abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri geçirilen metjidiň binagärlik aýratynlyklaryny we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synladylar.

Birbada 10 müň adamyň namaza durmagyna niýetlenilen metjidiň abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen amala aşyryldy.

Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdi hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirilen metjitde adamlaryň namaz okamagyna döredilen amatly şertler üçin ähli dindarlaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidenti ähli öten-geçenleri ýatlap berilýän sadaka gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu gün öten-geçenleri, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti merhum Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ýatlap, sadaka berilýändigini belledi.

— Halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny berjaý edip, «Ölüsini sylan beg bolar» diýlişi ýaly, biz şu gün türkmeniň gadymy däp-dessurlaryny berjaý edip otyrys. Bularyň hemmesi sogap işler, parz işler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegini, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyna gönükdirilen taryhy işlerimiziň rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileg edýäris — diýip, hajy Arkadag nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Ondan soňra sadaka gatnaşýanlara nahar çekildi.

Sadaka gatnaşyjylara türkmen milli naharlaryndan datly tagamlar hödürlendi. Duz-tagam dadylandan soň, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sadaka gatnaşyjylara: «Bu gün, ine, hemmämiz bilelikde parz işini etdik. Öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdik. Şu günki berlen sadakalar, edilen doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz asuda, mukaddes ojaklar abadan, saçaklar rysgal-bereketli bolsun!» diýip ýüzlenip, arzuw-dileg etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sadaka gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 26 2026
Türkmenistanda «EA çözgütleri» atly talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «EA çözgütleri» atly milli talyp hakaton bäsleşiginiň netijelerini jemläp, ýeňijileri yglan etdi. Bäsleşik 21-nji fewralda institutyň garamagyndaky «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi. Oňa ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 16 talyp topary gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. I orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. II orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary eýe boldular. III orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 6 topar höweslendiriş baýraklaryna mynasyp boldy. Hakatona gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly IT önümlerini işläp taýýarlamakda bäsleşdiler. Esasy ugur ulanyjynyň derejesine görä soraglary emele getirip bilýän we jogaplara esaslanyp netijeleri seljerýän test ulgamlaryny döretmekdi. Ýeňijileriň innowasion çözgütleriniň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ugurda çagyrylan hünärmenlerden düzülen eminler topary tarapyndan seljerildi.