dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň agzalarynyň arasynda "Sungat we şygyrýet" atly festiwal geçirildi.

Berkerar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barýan mähriban diýarymyzda döwlet derejesinde amala aşyrylýan islendik işiň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary ýatyr. Şu gün hem Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň agzalarynyň gurnamagynda "Sungat we şygyrýet" atly festiwal çykyşy geçirildi. Onda jemgyýetiň agzalary özleriniň aýdymdyr, goşguly çykyşlary, gülküli sahna oýunlary we hünär ussatlyklary bilen oturanlary özüne haýran goýdular. Bize ýaşamaga, okamaga, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag başlary dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 26 2026
Türkmenistanda «EA çözgütleri» atly talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «EA çözgütleri» atly milli talyp hakaton bäsleşiginiň netijelerini jemläp, ýeňijileri yglan etdi. Bäsleşik 21-nji fewralda institutyň garamagyndaky «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi. Oňa ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 16 talyp topary gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. I orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. II orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary eýe boldular. III orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 6 topar höweslendiriş baýraklaryna mynasyp boldy. Hakatona gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly IT önümlerini işläp taýýarlamakda bäsleşdiler. Esasy ugur ulanyjynyň derejesine görä soraglary emele getirip bilýän we jogaplara esaslanyp netijeleri seljerýän test ulgamlaryny döretmekdi. Ýeňijileriň innowasion çözgütleriniň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ugurda çagyrylan hünärmenlerden düzülen eminler topary tarapyndan seljerildi.