dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
"Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy" atly bir aýlygyň çäklerinde Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda kanun bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Berkerar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barýan mähriban diýarymyzda döwlet derejesinde amala aşyrylýan islendik işiň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen asylly şygary durýar. Her ýylda bolşy ýaly, “Pähim paýhas ummany, Magtymguly Pragy” ýylynda hem sentýabr aýynyň gelmegi bilen ”Ýol herketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäre döwlet derejesinde yglan edildi. Çagalar bagyna gatnaýan körpejelerden başlap, uly ýaşly adamlara çenli ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanşykly öňüni alyş-düşündiriş işleriniň, wagyz-nesihat çäreleriniň Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň ygtyýarly işgärleri tarapyndan gyzgalaňly geçirilýär. Bu çäre Hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan halkymyzyň asuda hem-de abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir. Çünki ýol hereketine pyýada we sürüji hökmünde gatnaşýan raýatlarymyzyň öz hereketlerini ýol hereket kadalarynyň talaplaryna laýyklykda gyşarnyksyz alyp barmaklary hökmandyr. Ondan başgada talyp ýaşlaryň dörebap bilim almaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeklerini, wagtlaryny boş geçirmän sport bilen meşgullanmaklaryny, ata Watana wepaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaramaz endikleriň öňüni almak barada atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag başlary dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar