dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

BMG-niň Baş Assambleýasy öz Kararnamasy bilen Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, bu ulgamda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan ägirt uly işleri goldady.

Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda wajyp orny eýeleýän Türkmenistan öz döredijilik mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşýar.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Mar 17 2026
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny musulman dünýäsinde iň mukaddes hem-de ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň belent däplerini dabaralandyrýan Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu mübärek gijäniň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, eziz Watana bolan söýgini, agzybirligi we jebisligi has-da dabaralandyrjakdygyna berk ynam bildirdi. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Gutlagynda: «Türkmen halkynyň şöhratly ýolunda kemala gelen hem-de watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik, ahlaklylyk, halallyk, dost-doganlyk, pespällik, sahylyk, päklik, asyllylyk, dogruçyllyk, ýagşylyk ýaly gymmatlyklar biziň milli bitewüligimiziň, ruhy dünýämiziň sarsmaz sütünleridir. Köpasyrlyk taryhy tejribä, ruhy we ahlak köklere daýanýan, täze döwrümiziň binýatlaýyn taglymatlaryna öwrülen bu gymmatlyklar mukaddes Oraza aýynda hem-de keremli Gadyr gijesinde has-da rowaçlanyp, agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, türkmen halky Gadyr gijesine mukaddesligiň, bereketliligiň we sahawatlylygyň gijesi hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Oraza aýynda, aýratyn-da, Gadyr gijesiniň hormatyna öten-geçenler ýagşylykda ýatlanyp, agzaçar sadakalary berilýär. Birek-birege hoş sözler aýdylyp, tarawa namazlary okalýar. Dünýäde abraýy barha belende galýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, halkymyzyň abadançylygy, her bir maşgala ojagynyň bagtyýarlygy üçin doga-dilegler edilýär» diýip belleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda türkmen halkyny mukaddes Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.