WATAN EDERMENLERI— HALK GAHRYMANLARY

Her ýylyň 9-njy maýynda ýurdumyzda 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni bellenilýär. Şu ýyl Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşe 77 ýyl dolýar. Türkmenistanda bu urşa gatnaşan weteranlara, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet çekenlere çuňňur sarpa goýulýar. Olaryň saglygy hakynda we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy barada alada edilýär. Şol döwürde urşa gatnaşan türkmenistanlylar agyr synaglara döz gelip, ýeňşe uly goşant goşdular, tylda zähmet çekenler hem edermenlik görkezdiler. Şol agyr ýyllaryň zenanlary şaý-seplerini Ýeňiş üçin bagyş etdiler. Ikinji jahan urşy ýyllarynda türkmenistanlylaryň Goranmak gaznasyna 7392 kilogram altyn we kümüş bezeg şaý-seplerini tabşyryp, watançylygyň belent nusgasyny görkezendikleri buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Her ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlar, ýaz güllerinden boglan çemenler dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Urşuň agyr ýyllarynda halkyň görkezen edermenligi hiç haçan ýatdan çykmaz. Ýyllar geçýär, emma nesilleriň kalbynda asuda asmanyň, parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan gerçekleriň gahrymançylygy, görkezen edermenligi hakyndaky hakyda hemişelik saklanýar. Merdana pederlerimiziň geçen gahrymançylykly ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň hem-de mukaddes Watana gulluk etmegiň mekdebidir. Söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň atlary «Hatyra», Ýeňiş bilen dolanyp gelen türkmen esgerleriniň atlary bolsa «Şöhrat» kitabyna girizildi. Adamzat taryhynda iň agyr söweşleriň biri bolan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlarymyzyň hatyrasyna her ýylyň 9-njy maýynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda olary sarpalamak çäresi geçirilýär. Gahrymanlara çuňňur sarpanyň nyşany hökmünde ýadygärliklere ter gül desseleri goýulýar. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleri merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygynyň ruhunda terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda we tylda edermenlik görkezenlere baky şöhrat bolsun! Biz olaryň Watana wepalylygynyň, edermenliginiň hem-de gaýduwsyzlygynyň, bagtyýar durmuşymyz we nurana geljegimiz üçin bitiren hyzmatlarynyň öňünde baş egýäris.