dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibi täzelendi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibini täzeledi.

Meýilnamada görkezilişi ýaly, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Mary we Kerki ýaly şäherlere gündelik uçuşlar ýola goýuldy.

Mundan başga-da, Daşoguzdan Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherlerine, şeýle hem Türkmenabat — Türkmenbaşy, Mary — Türkmenbaşy ýaly yzygiderli gatnawlar amala aşyrylar.

Degişli meýilnama has giňişleýin görnüşde «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web-saýtynda çap edildi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 26 2026
Türkmenistanda «EA çözgütleri» atly talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «EA çözgütleri» atly milli talyp hakaton bäsleşiginiň netijelerini jemläp, ýeňijileri yglan etdi. Bäsleşik 21-nji fewralda institutyň garamagyndaky «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi. Oňa ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 16 talyp topary gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. I orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. II orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary eýe boldular. III orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 6 topar höweslendiriş baýraklaryna mynasyp boldy. Hakatona gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly IT önümlerini işläp taýýarlamakda bäsleşdiler. Esasy ugur ulanyjynyň derejesine görä soraglary emele getirip bilýän we jogaplara esaslanyp netijeleri seljerýän test ulgamlaryny döretmekdi. Ýeňijileriň innowasion çözgütleriniň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ugurda çagyrylan hünärmenlerden düzülen eminler topary tarapyndan seljerildi.