dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Singapuryň DIM-niň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

17-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Singapuryň DIM-niň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa Direktoratynyň Baş direktory Samuel Tanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaý we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna deglip geçildi.
Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki özara gatnaşyklary dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar.