dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Fransiýanyň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona we ýurduň ähli halkyna Fransiýa Respublikasynyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.