dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmen talyplary Astrahanda Magtymgula bagyşlap çäre geçirdiler

W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we medeniýeti merkezi tarapyndan bu ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň gatnaşmagynda beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre guraldy. Bu barada ADU-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Dabara Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda geçirilip, onda ADU-nyň türkmenistanly talyplary şahyryň goşgularyny türkmen we rus dillerinde okadylar, şeýle-de onuň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdiler.

Bellenilişi ýaly, bu dabara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan çäreleriň üstüni ýetirdi. Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okaýyşlaryny geçirmeklik uniwersitetde ýokary bilim alýan türkmen talyplary üçin asylly däbe öwrüldi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Few 26 2026
Türkmenistanda «EA çözgütleri» atly talyp hakatonynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «EA çözgütleri» atly milli talyp hakaton bäsleşiginiň netijelerini jemläp, ýeňijileri yglan etdi. Bäsleşik 21-nji fewralda institutyň garamagyndaky «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirildi. Oňa ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 16 talyp topary gatnaşdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. I orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular. II orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary eýe boldular. III orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlaryna berildi. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 6 topar höweslendiriş baýraklaryna mynasyp boldy. Hakatona gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly IT önümlerini işläp taýýarlamakda bäsleşdiler. Esasy ugur ulanyjynyň derejesine görä soraglary emele getirip bilýän we jogaplara esaslanyp netijeleri seljerýän test ulgamlaryny döretmekdi. Ýeňijileriň innowasion çözgütleriniň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlaryndan hem-de bu ugurda çagyrylan hünärmenlerden düzülen eminler topary tarapyndan seljerildi.