dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň “Magtymguly Pyragy” muzeýinde gezelençde boldular.

Türkmenistanyň  Ministrler  Kabinetiniň  ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň  Türkmenbaşy şäherindäki  Deňizçilik orta hünär okuw  mekdebiniň  tejribeli  mugallymlary  hem-de  talyp  ýaşlary  27.04.2024-nji senede  Balkan  welaýatynyň  Magtymguly etrabynyň “Magtymguly Pyragy” muzeýinde  syýahatçylykly  gezelençde  boldular.  Ol  ýerde  muzeýiň  birnäçe  böleklere  bölünen  gatlarynyň hemmesine  baryp  görüp,  bu  ýeriň  tejribeli  hünärmenlerinden  muzeý  we  bu  ýerdäki  taryhy  gymmatlyklar,  has  dogrusy  bu  muzeýiň  adyny  göterýän  akyldar  şahyrymyz  Magtymguly  Pyragynyň  ömri ,  döredijiligi ,  çeper  edebiýaty  hem-de  biziň  şu  günümize  miras  galdyran ,  pähim-paýhasa  ýugrulan  ajaýyp  kitaplary  barada  giňişleýin  maglumatlary  diňlediler.  Soňra  tejribeli  hünärmenleriň  ýolbaşçylygynda  ol  ýerde  täsir  galdyryjy  gezelençleri  alyp  bardylar.  Ol  ýerdäki  hemme  zat  hakykada  has  ýakynlygy  bilen  tapawutlanyp ,  janly  tebigaty ,  haýwanat  dünýäsini ,  Magtymguly  atamyzyň  ömrüni ,  ýaşlygyny  gürrüň  berýärdi.  Soňra  bolsa  tejribeli  mugallymlaryň  ýolbaşçylygynda  muzeýde  söhbetdeşlik   arkaly  gepleşiklerini  dowam  etdiler.  Bize  türkmeniň  taryhy,  medeni  gymmatlyklaryny  öwrenmäge giň mümkinçilikler döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyz Gahryman Hormatly Prezidentimize köp-köp sag bolsun aýdýarys.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Okt 27 2026
TDU-da Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli, şahyryň döredijiligini wagyz etmek maksady bilen hem-de ýazyjynyň «Şükür bagşy» eseri esasynda düşürilen adybir filminiň baş gahrymanynyň keşbini janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýew barada «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, ylmy işgärleri, uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti esasynda goýlan edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da, Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy, onuň eserleriniň golýazmalary hakynda çykyşlar bolup, «Şükür bagşy» eseri esasynda düşürilen adybir filminiň baş gahrymanynyň keşbini janlandyran Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde köp ýyllaryň dowamynda mugallymçylyk wezipesinde işlän, tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligi hatyralanyp ýatlanylyp geçildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan «Gün hakynda ballada» ady bilen çeper okaýyş görkezildi. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçysy tarapyndan «Şükür bagşy» filminden ajaýyp mukam ýerine ýetirildi.

Card image cap
Okt 23 2026
«Türkmennebit» Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde maýadarlar üçin şertleri mälim etdi

«Türkmennebit» döwlet konserni daşary ýurt kompaniýalarynyň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmäge gatnaşmagynyň şertleri barada maglumat berdi. Bu barada Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatda we sergide konserniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew çykyş etdi. Onuň sözlerine görä, Hazar deňziniň milli bölegindäki uglewodorod serişdelerini özleşdirmek ýurduň nebit pudagyna maýa goýumlaryny çekmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda amala aşyrylýar. Bu kanun nebit işlerini geçirmekde we önümi paýlaşmak hakynda şertnamalary baglaşmakda daşary ýurt maýadarlarynyň hukuklaryny kepillendirýär. Hazar deňziniň türkmen bölegi 30-dan gowrak ygtyýarnama meýdançasyna bölünýär. Gyzyklanma bildirýän maýadar bir ýa-da birnäçe meýdança boýunça «Türkmennebit» döwlet konsernine resmi ýüz tutup biler. Ýüz tutma seredilenden soň, konserniň hünärmenleri kompaniýanyň bellenen talaplara laýyk gelýändigini tassyklasalar, ol saýlanan meýdança boýunça göni, eksklýuziw häsiýete eýe bolmadyk gepleşiklere gatnaşmaga çagyrylýar. Gepleşikler üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda taraplar önümi paýlaşmak hakynda şertnama ýa-da kanunçylykda göz öňünde tutulan başga bir şertnama baglaşýarlar. Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamadan başga-da, kanun roýalti we salgyt tölemek şertleri bilen konsessiýa şertnamasyny, bilelikdäki iş alyp barmak hakyndaky şertnamany, şeýle hem töwekgelçilikli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça şertnamany baglaşmaga mümkinçilik berýär. Batyr Jumaýewiň düşündirmegine görä, kanunçylyk bu şertnamalaryň dürli görnüşlerini utgaşdyrmaga, şeýle-de halkara tejribesinde ulanylýan beýleki şertnamalardan peýdalanmaga ýol açýar. Ol maýadarlar üçin döredilen birnäçe kepilliklere aýratyn ünsi çekdi. «Ilki bilen, bu diňe bir görnüşli salgydy — peýda salgydyny we tebigy serişdelerden peýdalanmak hukugy üçin iki-üç görnüşli tölegi göz öňünde tutýan ýönekeýleşdirilen ýeňillikli salgyt ulgamydyr» — diýip, konserniň başlygynyň orunbasary belledi. Şunda maýadarlar beýleki hökmany töleglerden, ýygymlardan we paçlardan boşadylýar. Nebit işlerini geçirmek üçin getirilýän we daşary çykarylýan harytlaryň, materiallaryň hem-de enjamlaryň üpjünçiligi boýunça baglaşylýan şertnamalary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige aldyrmak talap edilmeýär. Potratçy enjamlar we materiallar import edilende ýa-da eksport edilende alynýan gümrük paçlaryndan we ýygymlaryndan, şol sanda öz paýyna düşýän gazylyp alnan uglewodorodlaryň möçberine degişli paçlardan boşadylýar. Bu ýeňillikler kömekçi potratçylara hem degişlidir. Mundan başga-da, maýadar uglewodorodlaryň öz paýyna düşýän bölegine erkin ygtyýar edip biler. Şol sanda nebiti goşmaça salgytlar, ygtyýarnamalar we rugsatnamalar bolmazdan nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda gaýtadan işlemäge hem hukugy bardyr. Batyr Jumaýewiň habar bermegine görä, deňiz ýalpaklygynda önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamalaryň çäklerinde konsern «Dragon Oil», «Petronas» we «ADNOC» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2026-njy ýylyň iýun aýynda 19-njy we 20-nji bloklar boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama «Türkmennebit» döwlet konserni, Malaýziýanyň «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasy hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasy tarapyndan gol çekilip baglaşyldy. Mundan başga-da, «Petronas Carigali» bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, geologiýa-gözleg işleri başlandy. Häzirki wagtda 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji bloklarda iki ölçegli (2D) seýsmiki barlaglar geçirilýär. Çykyş edýäniň sözlerine görä, bu ädimler Türkmenistanyň «açyk gapylar» syýasatyna ygrarlydygyny we ýurduň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini tassyklaýar. Çykyşynyň ahyrynda Batyr Jumaýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň halkara kompaniýalar bilen «deňhukuklylyk we özara bähbitlilik şertlerinde» gepleşik geçirmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.