dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Ahal welaýatynyň ilatyna täze döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-si sowgat hökmünde gowşuryldy

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň ilatyna 200 sany döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat etdi. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň görkezijisine öwrülen taryhy ähmiýetli wakalaryň üstüni ýetirdi.

Ahal welaýatynyň ilatyna orta we kiçi synply döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-siniň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň hem maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdiriler. Bu awtobuslar welaýatyň ýaşaýjylarynyň gatnaw mümkinçiliklerini gowulandyrmakda ajaýyp şertleri döreder. «HIACE» we «COASTER» kysymly ýolagçy awtobuslary önümçilik birleşiginiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramagynda, welaýatyň ilaty üçin täze ugurlaryň ýola goýulmagynda, hyzmatlaryň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň ilatyna berlen ajaýyp sowgat üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny beýan etdiler.